Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiprde krizis gepleşikleri dowam edýär


Kipriň hökümeti Ýewropa Bileleşiginiň hödürleýän 10 milliard ýewro maliýe ýardamy bilen baglanyşykly meseleleriň henizem örän ynjyk mesele bolmagynda galýandygyny we bu baradaky gepleşikleriň ýekşenbe günem dowam edýändigini mälim etdi.

Kipriň hökümetiniň aýtmagyna görä, bu mesele barada ýewro-zona girýän ýurtlaryň wekilleri hem-de Halkara Walýuta Fondunyň resmileri bilen gepleşik geçirmek üçin ýekşenbe güni Kipriň prezidenti Nikos Anastasiýades Brýussele barýar.

Geçen hepdäniň ahyrynda Ýewropanyň Merkezi Banky Kipre pul karzlarynyň berilmegi üçin Kipriň “kabul ederlik teklipleri” işläp düzmelidigini aýdyp, munuň üçin oňa şu duşenbe gününe çenli möhlet berýändigini mälim edipdi.

Şu gysga möhletiň içinde anyk bir ylalaşyga gelinmedik halatynda bolsa, Ýewropanyň Merkezi Banky Kipriň banklaryna pul bermesini bütinleý togtatjakdygy bilen duýduryş beripdi.

Beýle ýagdaý bolsa, ekspertleriň pikiriçe, Kipriň banklarynyň bankrot bolandygyny aňladar we ony ýewro-zonadan çykmaga mejbur eder.
XS
SM
MD
LG