Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jon Kerri Bagdada sapara bardy


Ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri Yragyň paýtagty Bagdada sapara bardy.

Birleşen Ştatlaryň hökümet resmileri Jon Kerriniň öz bu saparynyň barşynda Yragyň premýer-ministri Nuri al-Mäliki we käbir beýleki ýokary derejeli resmileri bilen gepleşik geçirjekdigini aýdýarlar.

Maglumata görä, bu gepleşiklerde käbir beýleki meseleler bilen birlikde, Siriýanyň režimine ýarag we beýleki harby goldawlary eltmek maksady bilen Yragyň üstünden geçýän Eýranyň uçarlaryna berk kontrollyk etmek meselesi barada-da gürrüň ediler.

Eýranyň häkimiýetleri özleriniň Siriýa ýollaýan uçarlarynyň diňe gumanitar ýükler bilen ugradylýandygyny öňe sürýärler. Jon Kerri, mundan daşary, özüniň bu saparynda Yrakdaky demokratik reformalar barada-da resmiler bilen maslahat eder diýlip garaşylýar
XS
SM
MD
LG