Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berezowskiniň ölümi derňelýär


Britan polisiýasy Boris Berezowskiniň ölümi babatda geçirilen başlangyç derňewler "üçünji tarapdan gatyşma" delilini ýüze çykarmady diýdi.

Ýekşenbe güni ýaýradylan beýanat ekspertler bosgunlykda ýaşaýan ors tütjarynyň Londonyň günbataryndaky öýünde, şenbe güni onuň jesediniň tapylan ýerinde himiki, biologiki we ýadro materiallaryny agtarandan soň edildi.

Polisiýa Berezowskiniň bir işgäriniň şenbe güni onuň ýagdaýyny alada edip, medisina kömegini çagyrandygyny aýtdy.

Olar bu işgäriň gulplanan hajathananyň gapysyny zor bilen açandygyny we polda ýatan Berezowskini görendigini aýtdylar.

Polisiýa ýekşenbe güni jesedi doly barlaman, ölümiň sebäpleri hakda gürrüň etmek ýalňyş bolar diýdi.
XS
SM
MD
LG