Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Phenýan ABŞ-ny nyşana alandygyny aýdýar


Sişenbe güni Demirgazyk Koreýanyň hökümeti bu ýurduň strategik raketalarynyň Birleşen Ştatlaryň territoriýasyny we onuň Gawaýdaky harby bazasyny nyşana alandyklaryny mälim etdi.

Demirgazyk Koreýanyň döwlet eýeçiligindäki habar agentligi bu çäräni Birleşen Ştatlar tarapyndan bombalamak haýbatynyň atylmagyna garşy görülýän çäre hökmünde düşündirýär.

Phenýan özüniň harby bölümlerini ýokary söweş taýýarlygyna getirendigini aýdýar. Ýöne käbir ekspertler Demirgazyk Koreýanyň heniz Birleşen Ştatlara ýetmäge ukyply ballistik raketalarynyň ýokdugyny öňe sürýärler.

Bu wakadan birnäçe gün öň Birleşen Ştatlar bilen Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýa tarapyndan bolaýmagy mümkin islendik bir hüjüme garşy bilelikde harby hereket etmek barada özara ylalaşyga gol çekdiler.
XS
SM
MD
LG