Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geworgýan: "Uly özgerişler geljekde bolar"


Türkmen resmileri Demokratiýa we adam hukuklary institutynda. 2010 ý.
Türkmen resmileri Demokratiýa we adam hukuklary institutynda. 2010 ý.
Britaniýada çap edilýän “Ekonomist” žurnalynyň “Ykdysady maglumat birleşigi” dünýä ýurtlarynyň 167-sinde geçirilen barlaglar boýunça 2012-nji ýylyň Demokratiki görkezijisini çap etdi.

Bu hasabatda ýurtlara döwletiň içindäki demokratiki ýagdaýlar esasynda “doly demokratiýa”, “kemter demokratiýa”, “garyşyk režim”, “awtoritar režim” diýen bahalar berilýär.

Türkmenistana sanawda awtoritar režimleriň içinde hem pes orun, aşakdan altynjy orun berlipdir.

Azatlyk Radiosy Türkmenistana Demokrtiýa indeksinde berlen baha barada Jeýns Maglumat toparynyň Türkmenistan boýunça eksperti Lilit Geworgýan bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Soňky ýyllarda Türkmenistan bir topar täze kanun kabul etdi we hatda ol ýerde köp partiýaly sistema üçin hem kanuny esaslaryň döredilendigi aýdylýar. Şeýle-de Türkmenistan metbugat hakynda täze kanun kabul etdi we bu kanunyň senzurany gadagan edýändigi aýdylýar.

Emma "Ekonomist" žurnalynyň Ykdysady maglumat birleşigi 2012-nji ýyl boýunça çap eden Demokratiýa indeksinde Türkmenistana 167 ýurduň içinde yzdan 6-njy orun beripdir. Bu nähili beýle bolýar, şu ýagdaýyň sebäbini düşündirip bilmezmisiňiz?


Lilit Geworgýan: Türkmenistana diňe Ykdysady maglumat birleşigi şeýle pes baha bermeýär. Bu ýurt Transparensi Internaşnl ýaly beýleki halkara guramalarynyň hasabatlarynda hem özüne berilýän bahalaryň derejesini ýokarlandyryp bilmedi.

Bu ýerde esasy iki faktora üns bermelimikä diýýärin: beýleki post-sowet döwletlerinden tapawutlylykda, Sowet Soýuzy dargandan soň, Türkmenistan azyndan demokrtiki döwlet guramaga synanyşyk etmegiň ýerine, düýpden ters tarapa ugur aldy.

Onsoň ol S.Nyýazowyň ýolbaşçylygy astynda berk şahsyýet kultuna daýanýan, ýokary derejede merkezleşdirilen döwlete öwrüldi. Nyýazow ýogalandan soň biraz özgerişlik boldy, emma ol özgerişleriň köpüsi kagyz ýüzünde. Emma hökümet çemeleşmesi babatda, syýasy häkimiýet meselesinde köp özgerişlik bolmady.

Häzirki prezident hususy we syýasy azatlyk meselesinde käbir zatlary etmekçi bolýar. Emma muňa garamazdan, biziň öňki sowet döwletleriniň beýlekilerinde görýän ýagdaýymyzdan tapawutlylykda, Türkmenistanda kuwwatly raýat jemgyýeti ýok. Bu bolsa öz gezeginde özgerişlik progresini çäklendirýär.

Hatda şol özgerişlik, aýdylmagyna görä, ýokardan öňe sürülýän hem bolsa, ol ýerde raýat jemgyýeti ýok, hökümet ol raýat jemgyýetiniň özüne özgerişleriň diňe kagyz ýüzünde däl, eýsem durmuş ýüzünde hem bolmagy üçin basyş edip biljek derejede ösmegine ýol bermeýär.

Azatlyk Radiosy: Ol ýa-da beýleki döwlete berlen bahalarda syýasy medeniýetiň, azatlyk we plýuralizm derejeleriniň nazara alynýandygy aýdylýar. Siz syýasy medeniýet, azatlyk we plýuralizm talaplary barada giňräk durup bilmezmisiňiz?

Lilit Geworgýan: Meniň pikirimçe, döwletlerde baha berlende göz öňünde tutulýan ýagdaýa düşünmek beýle kyn däl. Transparensi Internaşnl we beýleki guramalar Türkmenistana baha berenlerinde ol ýerdäki ýagdaýy şeýle geçmişi bolan beýleki öňki sowet respublikalaryndaky ýagdaý bilen deňeşdirýärler. Olar biraz başgaça ýoldan gitdiler.

Mysal üçin, Gyrgyzystanda, Ukrainada, Gürjüstanda reňkli rewolýusiýalar boldy. Bu ýurtlarda bir-birinden tapawutlanýan syýasy toparlar, partiýalar, raýat jemgyýetleri, hökümet tarapyndan guramaçylyklaşdyrylmaýan ýa döredilmeýän garaşsyz guramalar bar we olar hem syýasy, hem sosial meseleler boýunça hökümetiň öňünde açyk mesele goýup bilýärler. Elbetde, olaryň näderejede üstünlikli bolany başga mesele.

Türkmenistanda Sowet soýuzy dargaly bäri syýasy guramalaryň döremegine o diýen kän mümkinçilik bolmady we şu sebäpden bu ýurduň hökümetiniň demokratiki özgerişler babatdaky tagallalaryna baha berlende, diňe hökümetiň bu hili özgerişliklere ýol bermek isleýänligine garalyp baha berilmeýär.

Eýsem şeýle özgerişligiň aşakdan ýokaryk bolup bilmek mümkinçiligine hem nazar salýarlar. Onsoň häzirki pursatda Türkmenistan öz gurluşy boýunça syýasy taýdan durnukly ýurt bolup görünýär diýlip ynanylýar we ol ýerde uly özgerişler geljekde bolar.

Azatlyk Radiosy: Synçylaryň käbiri Türkmenistan öz abraýyny gowulandyrmak isleýär diýýär. Siziňçe, Türkmenistan daşardan berilýän bahalarda gowy dereje almak üçin näme edip biler, bu ýurtda şeýle mümkinçilik barmy?

Lilit Geworgýan: Mümkinçilik hemişe bar diýip pikir edýärin. Meniň düşünişimçe, ol ýerde ilkinji ädimler, azyndan kagyz ýüzünde ädildi we olar örän pozitiw. Indiki ädim metbugat azatlygyna ýol bermek, oppozision mediýa mümkinçilik dörtemek. Onsoň olaryň meselelere hökümetiň nukdaý nazaryndan başgaça garamagyna şert döremeli. Şeýdip bu zatlar käbir özgerişliklere getirmeli. Şonda synçylar Türkmenistanda bolan bu zatlary hasaba alarlar.
XS
SM
MD
LG