Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Reformaçylar Hatemini dalaşgärlige çagyrýarlar


Eýranyň ozalky prezidenti Mohammed Hatemi (öňden sagda) 2009-njy ýylyň 12-nji iýunyndaky prezidentlik saýlawlarynda öz tarapdarlarynyň arasynda. Tähran, 12-nji iýun, 2009.
Eýranyň ozalky prezidenti Mohammed Hatemi (öňden sagda) 2009-njy ýylyň 12-nji iýunyndaky prezidentlik saýlawlarynda öz tarapdarlarynyň arasynda. Tähran, 12-nji iýun, 2009.
Eýranyň ozalky prezidenti Mohammed Hateminiň öňünde häzir şu ýylyň tomsunda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär bolup gatnaşmalymy ýa gatnaşmaly däldigi barada sorag keserip dur.

1997-nji ýyldan 2005-nji ýyla çenli ýurtda prezidentlik wezipesini ýerine ýetiren Hatemini dalaşa girmäge çagyrýanlaryň sany gitdigiçe köpelýär. Ýöne bu bir aňsat iş däl.

Lagerleri Eýranyň syýasy sahnasyndan bütinleý ýok edilen reformaçylar Hateminiň bu saýlawa kandidat bolup goşulmagyny isleýärler. Şübheçiler bolsa, kandidatlaryň sanawyny gutarnykly oňlaýan Gözegçiler geňeşiniň oňa ýol bermek ähtimalynyň ýokdugyny nazarda tutup, bu işiň bir netijeli işdigini sorag astyna alýarlar.

Öten hepde 91 sany ýokary derejeli reformaçy şahsyýet we reformanyň tarapyny çalýan beýleki adamlar Hatemini öňdäki saýlawlar üçin öz kandidatlygyny yglan etmäge çagyrdylar.

Bu reformaçylaryň biri Eýranyň dini ýolbaşçysy Aýatolla Ali Hameneýiniň dogany Hadi Hameneýi, ýene biri öňki wise-prezident Masumeh Ebtekar.

Ruhany Mohammad Ali Aýazy Hatemini öz kandidatlygyny görkezmäge çagyran Kum şäherindäki Ylmy barlagçylar we mugallymlar jemgyýetiniň agzasy. Ol Hatemi Eýranyň häzirki wagtda ýurduň içinde hem halkara derejesinde ýüzbe-ýüz bolýan dartgynlylygyny ýeňletmegi mümkin diýen pikirde.

“Biz Gözegçiler geňeşi ony kandidatlykdan çykarar, hiç bir iş etmeli däl diýip, oturyp bilmeris. Bu logika laýyk gelenok. Olar ozal hem onuň kandidatlygyna begenmändiler. Ony oňlamaga hem meýilli däldiler. Ýöne jemgyýetçilik ýagdaýynyň olaryň kararyna täsir etmegi mümkin” diýip, Aýazy aýdýar.

Näme üçin Hatemi?

Hateminiň prezidentlik döwründe türmä düşen we häzir Parižde ýaşaýan syýasy aktiwist Tagy Rahmanynyň pikiriçe, Hateminiň kandidatlygynyň başgaça pikirlenýänleriň Eýranyň syýasy sahnasyna dolanmagyna ýol açmagy mümkin.

“Onuň goşulmagy bir akym döreder. Bu hem bize gerek. Sebäbi bu graždan jemgyýetine öz pikirlerini aýdara bir mümkinçilik berip, häkimiýet başyndakylaryň ätiýaçly hereket etmegine getirer. Men Eýranyň içindäki her bir saýlawa ýa syýasy herekete reformalara tarap harajaty iň az ýol diýip garaýaryn” diýip, syýasy aktiwist Tagy Rahmany belleýär.

Eýranly žurnalist Mohammed Hoseýn Ziýanyň garaýşyça bolsa, Hateminiň kandidatlygy Eýran hökümetine kanunylyk berer.

Hoseýn Ziýa: “Bu iş demorkatiýanyň tarapyny çalyp, 'hany meniň sesim' diýip gygyryşan protestçileriň ähli şygaryny, şeýle hem aldaw barada öňe sürülýän hakyky pikirleri sorag astynda goýar. Özi-de öňki iki kandidat - oppozision ýolbaşçylar Mir Hoseýn Musewi bilen Mehdi Karrubi - oý tussaglygynda saklanýarka. Hateminiň kandidatlygy olary, bildirilen protestleri, öldürilen protestçileri we heniz hem türmede oturanlary äsgermezlik etmek bolar” diýip, belleýär.

2009-njy ýylda dalaşa girip, soň hem Musewini goldamak üçin öz kandidaturasyny yzyna alan Hateminiň öňdäki saýlawlara goşulmak ýa goşulmazlyk barada entek aýdan bir açyk zady ýok.

Ol üstümizdäki aýda eden çykyşlarynyň birinde: refomaçylaryň "ýurdy halas etmek üçin" planlary-da, adamlary-da bar diýdi. Hatemi 11-nji martda: “Meniň kararym barada alada etmäň. Men reformaçylaryň uly toparyndaky diňe bir adam. Şol bir wagtyň özünde-de kollektiwiň garaýşyna sarpa goýýaryn, bu netijä ylalaşykly gelnendigini umyt edýärin” diýdi.
XS
SM
MD
LG