Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karimowyň saglygy sorag döredýär


Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow Brýussel, 24-nji ýanwar, 2011 ý.
Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow Brýussel, 24-nji ýanwar, 2011 ý.

19-njy martda özbek telewideniýesi prezident Yslam Karimowyň Daşkentde geçirilen Nowruz baýramçylygynda şatlanyp, tans edişini görkezdi. Ýöne Karimow şondan bäri jemgyýetçiligiň öňünde çykyş etmedi

Özbek prezidenti Yslam Karimow jemgyýetçilige soňky gezek 19-njy martda göründi. Telewideniýe şonda onuň Daşkentde geçirilen Nowruz baýramçylygynda şatlanyp, tans edişini görkezdi.

Ýöne Karimow şondan bäri jemgyýetçiligiň öňünde çykyş edenok. Bu hem 75 ýaşyndaky lideriň tans meýdançasynda şatlanyp, tans edeninden sanlyja sagat geçensoň, onuň ýüreginden tutupdyr diýen gürrüňlere getirdi.

Myşmyşlaryň çeşmesi

Bu myş-myşy ilkinjiler bolup ýaýradanlar özbek oppozisiýasynyň agzalary boldular. Özbegistanyň Halk hereketiniň sürgünlikde ýaşaýan ýolbaşçysy Muhammed Salih bu barada hökümete ýakyn töwereklerden özüne maglumat gelip gowşandygyny aýtdy.

Ol bu barada şeýle gürrüň berdi: "Men muňa doly ynanýaryn. Karimowyň Nowruz baýramçylygyndan soň ýüreginden tutup, şu wagtam doktorlaryň gözegçiliginde galýandygy baradaky habary biz üç sany dürli çeşmä tassykladyp bildik.

Bize onuň şu wagt hem bejergi alýandygy aýdyldy. Ýöne onuň ýagdaýy indi gowulaşýar. Karimowyň ýagdaýynyň gowulanmagy mümkin, emma bu ol ýürek krizisini geçirenok diýildigi däl. Men muňa ynanýaryn, biziň çeşmelerimiz gaty ynamdar".

Bu myş-myşlara garaşsyz informasiýa saýty "Respublika" hem ýel berdi. Ol sişenbe güni ady agzalmadyk çeşmelere salgylanyp, Karimowyň kiçi gyzy Lolanyň garaşylmadyk ýagdaýda Şweýsariýadan Özbegistana gelendigini habar berdi.

Daşkent: 'Karimowyň ýagdaýy gowy'

Daşkentdäki resmiler bolsa, Karimowyň ýagdaýynyň hemişekisi ýaly aşa gowudygyny aýdýarlar. Karimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowa hem kakasynyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazdygyny inkär etmek üçin Twitterden peýdalandy.

Ol tarapdarlarynyň biriniň bu barada beren soragyna "Nowruz baýramçylygynda 20 minutlap, tans edensoň, "Karimow ysgyndan düşdi diýýan adam "däliden hem beter bolmaly" diýip jogap berdi.

Hiç bir aýdyňlyk ýok ýurtda bir zadyň berk inkär edilmegi onuň berk tassyklanmagy hasaplanýar. Şol sebäpden häzir gürrüň Karimow aradan çykansoň, onuň ýerini kim tutar diýen sorag barada.

Kandidatlar

Garaşsyz Özbegistanda çärýek asyra golaý höküm süren Karimowyň ýerini tutmagy mümkin diýip, üç kandidat agzalýar. Bu adamlaryň ikisi hökümdar toweregiň öz içinden gelýär. Bularyň biri premýer-ministr Şawkat Mirzaýew beýlekisi hem premýer-ministriň birinji orunbasary we ýurduň maliýe ministri Rustam Azimow.

Üçünji kandidat 40 ýaşly aýdymçy we modaçy Gülnara Karimowa. Onuň syýasat bilen kän bir işi ýok, ýöne ol maşgalanyň edinen milliardlarça dollarlyk söwda imperiýasynyň sakçysy hasaplanýar.

Häzir uns merkezinde duran özbek parlamenti. Ol ýerde penşenbe güni mejlisiň iki öýüniň bilelikdäki mejlisi geçýär. Muny hem, däp boýunça, açýan Yslam Karimow.

Özbek senatory Swetlana Ortikowa Karimowyň saglyk ýagdaýy gaty gowy diýip, öz pikirini şeýle nygtaýar: "28-29-njy martda parlamentiň bilelikdäki mejlisi geçýär. Prezident, islese, oňa bu mejlise gatnaşmaga mümkinçilik bar.

Bu konstitusiýa we kanun boýunça prezidentiň özüne bagly. Hudaýa şükür, häzir ähli zat gowy, hemmeler sag-salamat. Biri 100 ýaşýan bolsa, biz prezidentimize 150 ýaşy arzuw edýäris".

Iň soňky maglumatlara görä, Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow 27-nji martda halk köpçüligininiň öňünde peýda boldy. Özbegistanyň prezident apparatynyň maglumatyna görä, ol Gazagystanyň Daşkende resmi sapar bilen gelen daşary işler ministri Ýerlan Idrisow bilen duşuşdypdyr.
XS
SM
MD
LG