Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkez we welaýat gatnaşygy üýtgeýärmi?


Daşoguz şäherindäki Demirýol stansiýasy.
Daşoguz şäherindäki Demirýol stansiýasy.
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda täze tokaýçylyk zolagynyň düýbi tutuldy.

Bu tokaýçylygyň düýbüniň tutulmagyna ýurduň demirgazyk welatyna iş sapary bilen baran prezident G.Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Täze tokaýçlyk zolagy üçin 55 gektar ýer bölünip berlipdir we ol ýerde 22 müň düýbe golaý agaç nahaly oturdyldy.

Prezident Berdimuhuhamedow bu ýere beýleki welaýatlardan gelen ýaşulular bilen görşende, olar oňa ýurduň dürli künjeklerinde adamlaryň durmuş-ýaşaýşyny gowulandyrmak ugrunda edilýän tutumly işler üçin sag bol aýtdylar.
Gazojak-Daşoguz ýoly
Gazojak-Daşoguz ýoly

Türkmen hökümetiniň tankytçylary resmi Aşgabady paýtagta köp üns berip, welaýat, etrap ýerlerindäki adamlaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak barada ýeterlik alada etmezlikde tankyt edýärdiler.

Eýsem bu Türkmenistanda welaýatlara berilýän ünsüň güýçlenýändigini aňladýarmy?
Azatlyk Radiosy bu barada Aşgabatda ýaşaýan ýerli synçy, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
XS
SM
MD
LG