Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýetiň çäresine alada bildirdi


Penşenbe güni Birleşen Ştatlar Orsýetiň häkimiýetleriniň hökümete degişli bolmadyk guramalaryň işini derňemek boýunça alyp barýan soňky kampaniýalaryna alada bildirýändigini mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň metbugat sekretary Wiktoriýa Nuland bu barada eden çykyşynda bu barlaglaryň Orsýetdäki graždan jemgyýeti üçin örän möhüm işleriň öňüne böwet döretmekligi maksat edinýän ýaly bolup görünýändigini belledi.

Orsýetiň häkimiýetleri indi bir hepdeden gowrak wagt bäri hökümete degişli bolmadyk guramalaryň işini derňemek kampaniýasyny dowam etdirýärler.

Ýurduň resmileri özleriniň bu çärelerini bu guramalaryň işiniň Orsýetiň täze kanunyna laýyk gelip-gelmeýändigini barlamak bilen baglanyşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG