Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Birleşen Ştatlary tankyt etdi


Şenbe güni Orsýetiň hökümeti bu ýurtdaky hökümetden aýry guramalaryň Birleşen Ştatlar tarapyndan maliýeleşdirilmegini bu ýurduň “içerki işlerine goşulyşmaklyk” diýip häsiýetlendirdi.

Bu barada eden beýanatynda Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aleksandr Lukaşewiç bu meselede ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekratary Wiktoriýa Nulandyň eden çykyşyna salgylandy.

Geçen hepdäniň penşenbe güni Wiktoriýa Nuland Birleşen Ştatlaryň üçünji bir araçyl ýurtlaryň üsti bilen Orsýetdäki hökümetden aýry guramalary maliýeleşdirmegini dowam etdirmekçidigini belläpdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ-nyň bular ýaly çäreleriniň Orsýetdäki hökümetden aýry guramalary bu ýurduň kanunçylygyny bozmaklyga iterýändigini aýtdy.

Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Orsýetiň häkimiýetleri bu ýurtdaky hökümetden aýry guramalaryň täze kabul edilen kanuna eýerip-eýermeýändiklerini anyklamak maksady bilen giň gerimde barlag işlerini alyp barýarlar.
XS
SM
MD
LG