Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Meşhur satirik tussag ediler


Şenbe güni Müsüriň prokuraturasy bu ýurduň belli telewizion satirigi Bassem Ýussefi tussag etmek barada karar çykarandygyny mälim etdi. Satirik Bassem Ýussef yslam dinine we prezident Muhammad Mürsä şek ýetirmekde aýyplanylýar.

Mundan öň hem ýurduň kanun goraýjy organlary Bassem Ýussefi onuň hepdelik telewizion satiriki şou programmasy bilen baglanyşykly birnäçe gezek soraga çekipdiler.

Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Müsüriň häkimiýetleri ýurduň režiminiň tankytçylaryna garşy öz çärelerini has güýçlendirdiler. Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleriň hukugyny goraýjy Komitet prezident Mürsüniň metbugata garşy edýän çykyşlaryna alada bildirýändigini mälim etdi.

Bu wakalaryň fonunda şenbe güni Müsüriň Aleksandriýa şäherinde polisiýa 13 adamy, şol sanda bäş sany adwokaty-da tussag etdi. Ýurduň kanun goraýjy organlary olary howpsuzlyk gullugynyň resmileriniň mertebesini kemsitmekde hem-de beýleki tussag edilenleri boşatmaga synanyşmakda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG