Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Günorta Koreýa söweş uçarlaryny iberdi


ABŞ-nyň F-22 söweş uçarlary.
ABŞ-nyň F-22 söweş uçarlary.
ABŞ Günorta Koreýa F-22 kysymly hüjüm ediji harby uçarlaryny iberdi.

Döwrüň ösen tehnologiýalary esasynda döredilen bu amerikan uçarlary Koreýa ýarymadasynda dartgynlylyk güýçlenýärkä, Günorta Koreýanyň geçirýän harby türgenleşiklerine gatnaşar.

Radarlar tarapyndan anyklanmagy kyn bu amerikan uçarlary ABŞ-nyň Ýaponiýadaky bazalaryndan Günorta Koreýa bardy.

Şu hepdäniň başynda ABŞ Günorta Koreýa bilen bilelikde geçirýän harby türgenleşiklerine gatnaşdyrmak üçin iki sany B-2 kysymly bombalaýjy uçaryny iberipdi. Demirgazyk Koreýa amerikan tarapynyň bu ädimini prowokatiw diýip atlandyrypdy.

"Örän çynlakaý howp"

Hepdäniň duşenbe güni Günorta Koreýanyň prezidenti Pak Kyn He ýurduň goranmak ministri Kim Kwan-jin we öz beýleki harby resmileri bilen duşuşyk geçirdi. Pak Kyn He Demirgazyk Koreýa tarapyndan “örän çynlakaý” howpuň abanýandygyny aýtdy.

“Eger Günorta Koreýa we onuň halkyna garşy islendik prowokasiýa edilse, muňa, syýasy delillere garamazdan, berk gaýtawul berilmelidir” diýip, Günorta Koreýany prezidenti aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un 31-nji martda eden çykyşynda ýurduň “täze strategik ugruny” yglan etdi. Kim Jong Un häkimiýet başyndaky “Işçiler partiýasynyň” Merkezi komitetiniň maslahatyna gatnaşdy.

Demirgazyk Koreýa şu ýylyň fewral aýynda üçünji ýadro synagyny geçirensoň, Koreý ýarymadasynda dörän dartgynlylyk häzirki pursatda iň güýçli nokadyna ýetdi. Phenýanyň bu ýadro synagy ABŞ we BMG tarapyndan Demirgazyk Koreýanyň garşysyna goşmaça sanksiýalaryň teklip edilmegine getirdi.

Iki Koreýanyň "uruş ýagdaýy"

30-njy martda Phenýan iki Koreýa döwletiniň arasynda “uruş ýagdaýynyň” emele gelendigini we Demirgayk Koreýanyň harby güýçleriniň Günorta Koreýadaky we regiondaky harby bazalary nyşana alandygyny mälim etdi.

Geçen hepdede Demirgazyk Koreýanyň döwlet gözegçiligindäki habar serişdeleri uzakda ýerleşýän nyşanlara ýetmäge ukyply raketalaryň ABŞ-nyň Gawaý adasynda ýerleşýän Guam harby bazasyna, şeýle-de ýurduň guryýer giňişligine gönükdirilendigini yglan etdi.

Günorta Koreýanyň Demirgazyk Koreýa bilen serhedinde ýerleşýän we iki döwlet tarapyndan dolandyrylýan Keson senagat zonasynda işleýän günorta koreýaly zähmetkeşleriň “Reýters” habar agentligine aýtmaklaryna görä, häzirki ýagdaý olary alada goýýar.

52 ýaşly Kim Duk-su Demirgazyk Koreýa tarapynyň Keson senagat zonasynyň açyk galmagynyň ähmiýetine göz ýetirýändigine bil baglaýar. Kim Duk-su Keson senagat zonasynyň Demirgazyk Koreýa üçin hem örän girdejilidigini belledi.

1-nji aprelde Demirgazyk Koreýanyň döwlet ýolbaşçylaryna doly garaşly Milli parlamenti maslahat geçirmegi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG