Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Phenýan ýadro reaktoryny dikeldýär


Demirgazyk Koreýa özüniň Ýoňbýondaky ýadro reaktoryny gaýtadan işe girizjegini yglan etdi. Bu reaktor 2007-nji ýylda ýapylypdy.

Döwlet eýeçiligindäki KCNA habar gullugy sişenbe güni Phenýanyň ýadro desgalaryny, şol sanda uran baýlaşdyrýan zawody gaýtadan gurjagyny we işe girizjegini habar berdi.

Ýoňbýon reaktory Demirgazyk Koreýanyň 2006-njy we 2009-njy ýyllarda geçiren ilkinji ýadro-ýarag synaglary üçin plutonium öndüripdi.

Bu reaktor 2007-nji ýylda halkara jemgyýetçiligi bilen baglaşylan şertnamadan soň bölekleýin sökülipdi, şonda Phenýana 50 müň tonna nebit ýangyjy berlipdi.

Demirgazyk Koreýanyň mediasy sişenbe güni irden ýurt baştutany Kim Joň Unuň sözlän sözüni çap etdi we onda ýadro programmasynyň ýurduň ykdysady ösüşine goldaw berýändigi aýdylýar.

Şondan bir gün öň Kim Demirgazyk bilen Günorta Koreýalaryň arasynda "uruş ýagdaýynyň" emele gelendigini, muňa ABŞ-Günorta Koreýa harby türgenleşikleriniň sebäp bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG