Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Elektrik stansiýasyna hüjüm edildi


Pakistan polisiýasy ýurduň demirgazyk-günbatar sebitinde ondan gowrak jeňçiniň elektrik stansiýasyna hüjüm edendigini aýdýar.

Sişenbe güni Peşawaryň golaýynda bolan hüjümde azyndan ýedi adam öldürildi we stansiýadan alnyp gaçylan dört adam tapylmaýar.

Bu hüjümden soň Peşawaryň köp bölegi sagatlap toksuz galdy.

Polisiýanyň uly ofiseri Mohammad Işak Şeýh Muhammadi elektrik stansiýasyna edilen başlangyç hüjümde polisiýa işgäriniň we howpsuzlyk goragçysynyň öldürilendigini aýtdy.

Ol soň bäş adamyň zamun alnyp, biraz wagtdan öldürilendigini sözüne goşdy. Olaryň jesedi elektrik stansiýasynyň bir km çemesi uzaklygyndan tapyldy.
XS
SM
MD
LG