Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýa bilen Kosowa ýene ylalaşyga gelmedi


Serbiýa bilen Kosowanyň özara gatnaşyklary kadalaşdyrmak boýunça Brýusselde geçiren soňky gepleşikleri ýene anyk bir ylalaşyga getirmedi.

Serbiýanyň premýer-ministri Iwisa Daçiç bilen Kosowanyň premýer-ministri Haşim Taçiniň 12 sagat dowam eden gepleşiklerinden soň, bu gepleşiklere araçyllyk eden Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Katerin Äşton çarşenbe güni irden ýörite beýanat bilen çykyş etdi.

Ol taraplaryň özara ylalaşyga örän golaý gelendiklerini, emma bar bolan tapawutlaryň henizem çuň tapawutlardygyny belledi. Katerin Äşton iki ýurduň premýer-ministrleriniň konstultasiýalar üçin öz ýurtlaryna dolananandyklaryny aýtdy.

2008-nji ýylda Kosowa Serbiýadan öz garaşysyzlygyny yglan edeli bäri, Serbiýa onuň garaşsyzlygyny ykrar etmän gelýär. Kosowanyň demirgazygyndaky etniki serbleriň protestleri-de çynlakaý mesele bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG