Türkmenabat şäherinde onlarça ýyllaryň dowamynda ulanylyp, soňundan hem zaýalanyp, berbat bolan gämiler Amyderýanyň kenarynda dyr-pytrak bolup ýatyr. Ýerli habarçylaryň berýän maglumatyna görä, sowet döwründen galan gämileriň käbiri häzire çenli hem ulanylýar.