Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ölüm – iň soňky zat däl"

Ol has köp Mustang Wanted lakamy bilen tanalýar. Ol beýik binalara dyrmaşmak bilen meşgullanýar. Suratlardan çen tutulsa, onda gorky diýen duýgynyň ýokdugyna meňzeýär.

Aşaky fotosergide Mustang Wantediň, hiç hili ätiýaçlandyryş abzallaryny ullanmazdan, Ukrainanyň we Orsýetiň iň beýik binalarynyň käbirlerine dyrmaşýan pursatlary şekillendirilen.

Mustang Wantediň asyl ady belli däl. Maglumatlara görä, ol kanun geňeşçisi wezipesini terk edip, häzirki güýmenjesi bilen meşgullanyp başlapdyr. Britaniýanyň “Daily Mail” neşirinde onuň şeýle sözleri getirilipdir: “Ölüm – iň soňky zat däl. Her kim ölýär, emma ähli kişi özüniň isleýşi ýaly ýaşanok”.

Mustang Wantediň websahypasyny şu ýerde görüp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG