Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ysraýyl Gazada hüjüm geçirdi


Sişenbe güni Ysraýylyň harby uçarlary Palestinanyň Gaza sektorynda birnäçe bombalaýyşlyk geçirdi. Munuň özi 2012-nji ýylyň noýabryndan bäri Gaza sektorynda Ysraýylyň geçiren ilkinji howa hüjümi hökmünde alamatlandy.

Sişenbe güni giçlik Ysraýylyň harby resmileri bu howa hüjümlerinde Gaza sektorynyň demirgazygyndaky “terror hüjüminiň” amala aşyrylan iki sany nokadyny nyşana alandyklaryny mälim etdiler.

Ýöne bu howa hüjümlerinde Gaza sektorynda adam ýitgisiniň bolmandygy habar berilýär. Bu howa hüjümleriniň öňýany sişenbe güni irden Ysraýylyň resmileri Palestinanyň territoriýasyndan Ysraýylyň territoriýasyna üç sany raketa okunyň atylandygyny habar beripdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG