Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin resmiler barada perman çykardy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň ähli hökümet resmileriniň we döwlet kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt bank hasaplaryny ýapmalydyklary we daşarky aksiýalardan ýüz öwürmelidikleri barada ýörite permana gol çekdi.

Orsýetiň prezident administrasiýasynyň başlygy Sergeý Iwanow bu talaplaryň ýerine ýetirilmegi üçin resmilere şu ýylyň 1-nji iýulyna çenli möhlet berilýändigini mälim etdi.

Ol bu gürrüňi edilýän meselede Orsýetiň hiç bir resmisine eglişik ýa-da kadadan çykma ýagdaýynyň bolup bilmejekdigini, bu talaby ýerine ýetirmedik islendik bir resminiň bolsa wezipesinden boşadyljakdygyny aýtdy.

Orsýetli analitikler prezident Putiniň bu täze permanynyň ýurtdaky korrupsiýa garşy effektiw göreşmek hem-de orsýetli resmilere daşary ýurtlar tarapyndan bolmagy mümkin täsirleri aradan aýyrmak maksadyndan ugur alýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG