Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Protokol köçeler" problemasy: Ýaşaýjylar nämeden nägile?


Aşgabadyň köçeleriniň biri
Aşgabadyň köçeleriniň biri
Golaýda Azatlyk Radiosynyň internet saýtynda goýlan “Tegelek stol” gepleşikleriniň biriniň aşagynda özüni Çary diýip atlandyran türkmen raýaty şeýle teswir galdyrypdyr:

“Biz Aşgabadyň protokol köçeleriniň ýaşaýjylary, şu prezidentiň protokol prospektiniň problemalaryndan halys bizar bolduk, indi göçmäge mejbur bolýarys.”

Soňra Çary bu “bizarlygyň” sebäbini şeýle düşündirýär: “Daşaryk çykmak bolanok, oknany [aýnany] açmak bolanok, okna zanaweska [tuty] tutmak bolanok, köçede gezmek, maşyn goýmak we sürmek bolanok, öýe myhman çagyrmak, jaýy arenda bermekden geçen, diňe obadan myhmançylaga gelen garyndaşlaryňam az wagtlyk ýaşatmak bolanok.”

Diňleýjimiz bu mesele “Tegelek stolda” gozgalsa, ol “ýurduň prezidentiniň gulagyna deger we ýok ýerden döredilen şu uly problemalar aýrylyp, biz hem arkaýyn öz jaýymyzda ýaşap bileris” diýip, umyt edýär.

Mundan başga, Aşgabatdan gelip gowuşýan habarlarda aýdylmagyna görä, şol “protokol köçelerde” ýaşaýanlara polisiýa, howpsuzlyk işgärleriniň örän gödek sözleri aýdýan, kemsmidiji sözleri aýdyp, daşdan gygyryp haýbat atýan halatlary hem bolýar we bu ýagdaýy ynamdar çeşmeler hem tassyklaýar.

Eýsem Türkmenistandaky “prtokol köçeler” problemasy näme? Galyberse, resmi ýolbaşçylaryň ýa döwlet delegasiýalarynyň ulag kerwenleriniň geçmegi, ýollaryň ýapylmagy, bu ýagdaýlaryň adamlaryň iş, durmuş aladalaryna ýetirýän täsiri barada näme pikir edýärsiňiz?

Bu ýurt baştutanynyň goragy üçin zerur görülmeli çäreler bilen baglymy? Ýa-da siz “bu ýerde biraz öte geçmeler hem bar” diýip pikir edýärsiňizmi? Şeýle problemalar beýleki ýurtlarda nähili çözülýär?

Azatlyk Radiosy nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşligini şu meselelere bagyşlaýar.

"Protokol köçeler" problemasy: Ýaşaýjylar nämeden nägile?

Pikirleriňize, bellikleriňize garaşýarys.
XS
SM
MD
LG