Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň harby resmisi Owganystanda


Şenbe güni ABŞ-nyň harby güýçleriniň baş ştabynyň komanduýuşisi general Martin Dempseý Owganystana garaşylmadyk sapara bardy.

ABŞ-nyň resmileri bu saparynyň barşynda general Martin Dempseýiň Owganystandaky amerikan we koalision güýçleriň goşun ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirjekdigini aýdýarlar. Maglumata görä, ol Owganystanyň ýokary derejeli hökümet resmileri bilen-de gepleşik geçirer.

Bu gepleşiklerde, esasan, şu ýyl we geljek ýyl amerikan goşunlaryny bu ýurtdan çykarmak prosesi bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy habar berilýär.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 2014-nji ýyldan soň Owganystanda näçe amerikan harbysynyň saklanjakdygy barada heniz anyk bir san yglan etmän gelýär.
XS
SM
MD
LG