Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmeniň sungaty daşary ýurtlarda


Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenleriň aýdym-saz sungatynda köp umumylyklara duş gelmek bolýar.
Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenleriň aýdym-saz sungatynda köp umumylyklara duş gelmek bolýar.
Azatlyk Radiosynyň “Dünýä türkmenleri” atly bu gezekki gepleşiginde Türkmenistanda we Türkiýede ýaşaýan türkmenleriň saz sungatyndaky meňzeşliklere we tapawutlara üns çekilýär. Bu temadan radionyň ýerli habarçysy Türkiýede ýaşaýan dilli tüýdükçi türkmen sazandasy bilen söhbetdeş boldy.

Mundan daşary, “Dünýä türkmenleri” atly gepleşigiň bu sanynda türkmenistanly biznesmen Akmuhammet Baýhanowyň Eýranyň Horasan we Türkmensähra ülkelerinde, şeýle hem Türkiýede ýaşaýan türkmenler bilen tanyşlyklardan alan täsirleri barada onuň bilen söhbet edilýär.

Şeýle-de, bu gepleşikde asly owganystanly türkmenlerden bolan we Türkiýäniň Ystambul şäherinde ýaşaýap ýören türkmen pälwany Aman Ärsary bilen hem pälwançylyk sungaty barada pikir alşylýar.

Şu gepleşigi diňlemek üçin aşaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG