Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Orsýet geýleri kemsidenok diýýär


Prezident Wladimr Putin Orsýet gomoseksuallary kemsitmeýär diýdi.

Putin duşenbe güni Amsterdamda guralan metbugat ýygnagynda çykyp gürledi. Ol bu ýerde geý hukuklaryny goraýjy aktiwistler we Orsýetde geýler barada alnyp barylýan syýasata tankydy garaýan beýleki protestçiler tarapyndan garşylandy.

Putin “munuň hemme kişä aýdyň bolmagy gerek, Orsýetde seksual azlyklaryň hukuklarýa bozulmaýar, bu hili adamlar, beýleki her bir bir adam ýaly, hemme hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýar” diýdi.

Ors kanunçylary ýanwar aýynda geýleriň jemgyýetçilik çärelerini we geý azlyklarynyň habarlaryny ýaýratmagy 16 müň dollara çenli jerime salmak bilen jezalandyrmak baradaky kanun taslamasyny tassyklady.

Bu kanun indi parlamentde tassyklanmaly we şondan soň oňa prezidentiň gol çekmegi gerek. Putin Gollandiýa Germaniýadan, kansler Angela Merkel bilen gepleşik geçirip geldi.
XS
SM
MD
LG