Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tetçer ýagşylykda ýatlanýar


Dünýä ýurtlarynyň liderleri Britaniýanyň öňki premýer-ministri Margaret Tetçeri ýagşylykda ýatlaýarlar. Ol duşenbe güni, 87 ýaşynda, benýnisine gan inmeden ýogaldy.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron “biz beýik lideri, beýik premer-ministri we beýik britaniýalyny ýitirdik” diýdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Amerika "çyn dostuny", dünýä azatlygyň we erkinligiň çempionyny ýitirdi diýdi. Obama onuň bir dükançynyň maşgalasynda önüp-ösüp, şeýle derejelere ýetmegi şu günki gyzlar üçin uly görelde diýdi.

Ozalky sowet lideri Mihail Gorbaçew “Margaret Tetçer beýik syýasatçydy we nurana şahsyýetdi” diýdi.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barroza ony “beýik döwlet işgäri” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG