Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Netenýahu bilen duşuşýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri sişenbe güni Ýerusalimde, Ýakyn Gündogardaky parahatçylyk prosesini janlandyrmak tagallarynyň çäginde, premýer-ministr Benýamin Netenýahu bilen formal gepleşik geçirýär.

Kerri soňky iki hepdede üçünji saparyny amala aşyrýar. Ol duşenbe güni Netenýahu bilen nahar başynda duşuşyp, soňra uly palestin resmileri bilen gepleşik geçirdi.

Kerri Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres bilen gepleşip, kynçylyklara garamazdan, ysraýyllylar we palestinalylar entegem parahatçylyk şertnamasyna gol çekip bilerler diýdi.
XS
SM
MD
LG