Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Broke: "Türkmen resmilerinden jogap ýok"


Türme kamerasy
Türme kamerasy
Bir hepde mundan ozal düýbi Britaniýada ýerleşýän “War Resisters” ("Urşa garşy durujylar") atly topar beýanat ýaýradyp, onda Türkmenistanda dini ynanjy sebäpli hökmany harby gullukdan boýun gaçyrandygy üçin tussag edildi diýilýän, Iýegowanyň şaýatlary dini akymynyň wekilleriniň boşadylmagyna çagyrdy.

Agzalýan gurama şol beýanatda bu meselede Türkmenistanyň prezidentine hat ýazylmagyna hem çagyrýar. Azatlyk Radiosy bu beýanatyň döreden reaksiýasy barada agzalýan toparyň wekili Anna Brouk bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Hanna, siziň bu beýanaty ýaýradanyňyzdan bäri bir hepde çemesi wagt geçipdir. Çagyryşyňyza reaksiýa boldumy?

Hanna Broke: Bize türkmen hökümet resmilerinden hiç hili jogap giowuşmady, emma dünýäniň dürli künjeklerinden goldaw aldyk. Bizi goldanlar Türkmenistanda şeýle tussag edilmelere garşy öz pikirlerini, türkmen resmilerine e-mail arkaly ýa-da Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurt ilçihanalarynyň üsti bilen beýän edendiklerini aýdýarlar.

Biziň bilşimize görä, türkmen hökümetine ýüzlenýän adam köp.

Azatlyk Radiosy: Hanna, Türkmenistanyň resmilerine ýüzlenýänleriň arasynda türkmenler ýa-da türkmen aktiwistleri hem barmy?

Hanna Broke: Umuman aýdylanda, Türkmenistanda iş alyp barýan aktiwistler bilen aragatnaşyk gurmakda kynçylyk çekýäris. BMG-niň we hökümete degişli bolmadyk beýleki edaralaryň berýän maglumatlaryna laýyklykda, Türkmenistan dünýäniň iň repressiw ýurtlarynyň biri bolup galýar.

Bu hem, elbetde, aktiwistler bilen aragatnaşyk gurmagy we şol aktiwistleriň ýurtda arkaýyn iş alyp barmagyny kynlaşdyrýar.

Azatlyk Radiosy: Hanna, siziň çagyryşyňyzda Iýegowanyň şaýatlary bolanlygy üçin türmä basylanlaryň BMG-niň Adam hukuklary boýunça komissiýasyna ýüzlenip, özleriniň gynamalara sezewar bolandyklaryny aýdypdyrlar diýen maglumatlar hem bar. Eýsem, olar nähili ýagdaýlary başdan geçiripdirler?

Hanna Broke: Agzalýan wyždan ýesirleri 10 sany Iýegowanyň şaýadyndan ybarat bolup, olar wyždan ýesirleriniň adatça saklanylýan Seýdi şäherindäki zähmet düzediş koloniýasynda dürli wagtlarda saklanypdylar.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda olar BMG-niň adam hukuklary boýunça komitetine özleriniň tussaglykda wagtlary dürli ýowuz gynamalara we izolýasiýa sezewar bolandyklaryny gürrüň berip, şikaýat bilen ýüzlenipdirler.

Şikaýat bilen ýüzlenen şol adamlara soňra hökümet resmileri tarapyndan haýbat atylyp, olar we olaryň maşgalalary urlup-ýenjilipdir.

Azatlyk Radiosy: Hanna, “War Resisters” diýlip atlandyrylýan toparyň ýaýradan beýanatynda Türkmenistan Halkara raýat we syýasy hukuklar boýunça şertnamanyň agzasydygyna garamazdan, bu ylalaşygyň düzgünlerine garşy hereket edýändigi aýdylýar. Türkmenistan edilýän çagyryşlary äsgermese, onuň nähili netijesi bolar? Şeýle-de Iýegowa şaýatlarynyň geçen gezek tussag edilen wagtlary Türkmenistana nähili duýduryş ýa-da düşündiriş berlipdi?

Hanna Broke: Biz türkmen hökümetine öz täsirimizi ýetirmek üçin mümkin bolan ähli mehanizimlerden, şol sanda [BMG-niň] Adam hukuklary boýunça komitetinden, şeýle-de ýaýradylýan ýyllyk hasabatlaryň netijelerinden peýdalanýarys.

Wyždan ýesirleri bolan adamlaryň hukuklarynyň äsgerilmezligi, umuman aýdylanda, Türkmenistanda adam hukuklarynyň kemsidilmeleriniň bir alamaty bolup biler. Urşa garşy göreşijiler atly topar hökmünde adamalaryň harby gullugy berjaý etmezlik hukugynyň bolmazlygy bizi örän aladalandyrýar.

Şonuň üçin biz Türkmenistanyň tebigy gaz boýunça ylalaşyklary arkaly ýola goýjak bolýan täsirli aragatnaşyklary bilen ugurdaş ýurdy açyp, öz adamlaryna hormat goýmaga başlar diýen umytda.

Azatlyk Radiosy: Hanna, siziň pikiriňizçe, iki tarapa, ýagny Türkmen hökümetine we Iýegowanyň şaýatlaryna bähbitli bolup biljek nähili çykalga bar?

Hanna Broke: Bizi we Iýegowanyň şaýatlaryny kanagatlandyrjak ýeke-täk çykalga - harby gullugy berjaý edip bilmejek adamlaryň oňa mejbur edilmegine ýol berilmezligidir. Bütin dünýäde dürli sebäplere, ýagny syýasy ýa-da dini talaplara görä gulluk etmeýänler bar. Şonuň üçin, meniň pikirimçe, olaryň hukuklaryna hormat goýulmaly.
XS
SM
MD
LG