Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow goşa raýatlyk babatda beýanat etdi


G.Berdimuhamedow: “Gynansak-da, öz işine ak ýürekli çemeleşmeýän adamlar hakykata laýyk gelmeýän garaýyşlaryny beýan edýärler”.
G.Berdimuhamedow: “Gynansak-da, öz işine ak ýürekli çemeleşmeýän adamlar hakykata laýyk gelmeýän garaýyşlaryny beýan edýärler”.
Anna güni Aşgabatda geçirilen giňeldilen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow türkmen-orsýet goşa raýatlygy bilen bagly meseleler barada ýörite beýanat bilen çykyş etdi.

Hususan-da, ol soňky wagtlar käbir daşary ýurt habar serişdelerinde türkmen-orsýet goşa raýatlygyny ýatyrmak ugrunda görülýän çäreleri “birtaraplaýyn beýan edýän” maglumatlaryň peýda bolandygyny belledi.

Türkmenistanyň prezidenti bu barada durup geçip, “Gynansak-da, öz işine ak ýürekli çemeleşmeýän, ýalan maglumatlar berýän aýry-aýry adamlar Türkmenistanyň raýatlarynyň pasportlarynyň möhletiniň dolmagy sebäpli olary çalyşmak boýunça alnyp barylýan işlere salgylanyp, iki raýatlyk bilen bagly özleriniň hiç bir esassyz, hakykata laýyk gelmeýän garaýyşlaryny beýan edýärler” diýip belledi.

Berdimuhamedow “hakykata laýyk gelmeýän maglumatlar ” diýmek bilen nämäni göz öňünde tutýandygyny-da birneme aýdyňlaşdyryp, şeýle diýdi: “Olar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň pasportlary bar bolan adamlara Türkmenistanyň raýatynyň täze nusgadaky pasportlarynyň berilmejekdigi barada hiç hili esassyz, ýalan maglumatlara esaslanýan şahsy garaýyşlaryny öňe sürýärler”.

Mediadaky aladalar

G.Berdimuhamedowyň bu gürrüňini edýän meselesi barada alada bildiriji maglumatlar soňky wagtlar daşary ýurt habar serişdelerinde az peýda bolmady.

Şu habar serişdelerinden biri bolan “russkie.org” atly internet saýtynda ýakynda Türkmenistanyň öz içerki çeşmelerine salgylanyp berlen maglumatda şu ýylyň 10-njy iýulyna çenli goşa raýatlygy bolan raýatlaryň öz Orsýet raýatlygyndan ýüz öwürmedik halatynda, olara türkmen pasportynyň berilmejekdigi aýdylýar.

Türkmen prezidentiniň bu çykyşynyň öňýany, 9-njy aprelde düýbi Germaniýada ýerleşýän “Doýçe welle” radiosynyň internet saýtynda ýerleşdirilen göwrümli makalada hem şu çaka çenli goşa raýatlygyndan peýdalanyp, Orsýetiň pasporty arkaly Türkmenistandan daşaryk erkin çykan adamlaryň indi 10-njy iýuldan soň bu mümkinçiliklerinden mahrum boljakdyklary bellenipdir.

G.Berdimuhamedow anna güni hökümet maslahatynda bu mesele bilen bagly eden çykyşynda özüniň Türkmenistanyň prezidenti hem-de ýurduň Konstitusiýasynyň kepili hökmünde bu mesele barada ýörite beýanat bilen çykyş etmegi makul bilendigini aýtdy.

Prezidentiň kepilleri

Hökümet maslahatynda eden bu beýanatynda G.Berdimuhamedow: “Her bir türkmenistanly, haýsy millete degişlidigine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, diline, dine garaýşyna we syýasy ygtykatyna garamazdan, Türkmenistanyň raýatynyň täze nusgadaky pasportyny hökmany tertipde we bellenen möhletlerde alar” diýdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “demokratik, hukuk we dünýewi döwletdigini” belläp, onda hiç kimiň raýatlygyndan ýa-da raýatlygy üýtgetmek hukugyndan mahrum edilip bilinmejekdigini nygtady.

Sözüniň dowamynda Berdimuhmedow köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýradylýan “hiç bir esassyz”, “hakykata laýyk gelmeýän” garaýyşlaryň Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň arasynda taryhy taýdan emele gelen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna-da, iki döwletiň arasynda täze bir taryhy eýýämde ösdürilýän strategik hyzmatdaşlyklara-da öz ýaramaz täsirini ýetirip bilmejekdigini nygtap geçdi.

“Döwletimiz Türkmenistanyň ähli raýatlaryna, diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem onuň çäginden daşarda-da goragy we penakärligi kepillendirýär” diýip, Berdimuhamedow öz çykyşynda belledi.

Emma, şeýle-de bolsa, “russkie.org” internet saýtyndaky makalada Orsýetiň raýatlygyndan ýüz öwürmekleri talap edilýän raýatlaryň köpüsiniň öz rus pasportlaryndan mahrum bolmak islemejekdikleri çaklanylýar. Makalada indi Türkmenistandan Orsýete gitjek bosgunlaryň sanynyň has-da artmagyna garaşmalydygy bellenipdir.
XS
SM
MD
LG