Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada 20 töweregi adam öldürildi


Siriýaly aktiwistler Idlib prowinsiýasynyň Sarakeb şäherçesinde şenbe güni hökümet güýçleriniň amala aşyran howa hüjüminde azyndan 20 töweregi adamyň ölendigini habar berdiler.

Internete ýerleşdirilen wideo ýazgylarda bu hüjümiň amala aşyrylan ýerinde äpet goýy tüssäniň asmana göterilýändigini we ýaralanan adamlara kömek bermek üçin partlamanyň bolan ýerine ulaglaryň gatnaýandygyny görmek bolýar.

Şu hepde “Human Rights Watch” guramasy öz ýaýradan hasabatynda Siriýanyň hökümetini uruş jenaýatçylygyny amala aşyrmakda aýyplady.

Bu hasabatda hökümetiň howa güýçleriniň parahat ýaşaýjylaryň ýaşaýan ýerlerine parh goýmazdan hüjüm geçirýändigi, käte bolsa hatda parahat ýaşaýjylaryň jemlenen ýerlerine bilkastlaýyn hüjüm amala aşyrylýandygy bellenipdir.

Guramanyň hasabatynda geçen ýylyň tomsundan bäri Siriýada azyndan 4 müň 300 töweregi adamyň öldürilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG