Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Ýaponiýada gepleşik geçirýär


Ýekşenbe güni Ýaponiýa sapar edýän ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Ýaponiýanyň daşary işler ministri Fumio Kişida bilen regional ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdy.

Bu duşuşygyň yzy bilen eden çykyşynda Fumio Kişida Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna Ýaponiýanyň we Birleşen Ştatlaryň ýol berip bilmejekdigini nygtady.

Jon Kerri öz gezeginde Birleşen Ştatlaryň Ýaponiýany goramaga taýýardygyny belledi. ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerriniň Ýaponiýa sapary onuň Aziýa regionyna eden uzak saparynyň iň soňky güni hökmünde alamatlandy.

Bu uzak saparynyň dowamynda ol Aziýa regionynyň käbir ýurtlaryny Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasynyň öňüni almakda tutanýerli hyzmatdaşlyklara çagyrdy.
XS
SM
MD
LG