Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan uniwersiteti BBC-ä nägilelik bildirdi


Şenbe güni Britaniýanyň meşhur uniwersitetlerinden biri bolan “London School of Economics” atly uniwersiteti BBC habar korporasiýasyny bu uniwersitetiň studentleriniň ýagdaýyny howp astyna salmakda aýyplady.

Uniwersitetiň ýaýradan beýanatyna görä, ýakynda “London School of Economics” uniwersitetiniň Demirgazyk Koreýa sapar eden studentler toparynyň düzümine BBC-niň bir žurnalisti-de PhD studenti hökmünde aldaw ýoly bilen goşulypdyr we ol ýerde gizlin ýollar arkaly dokumental filmi surata düşüripdir.

Uniwersitet BBC tarapyndan gurnalan beýle hereketiň Demirgazyk Koreýa sapar eden studentleriň ýagdaýyny howp astyna salandygyny we munuň uniwersitetiň öz abraýyna-da ýaramaz täsir edip biljekdigini belläpdir.

BBC korporasiýasy şol dokumental ýazgy esasynda döredilen filmi efire bermezlik barada uniwersitetiň eden haýyşyndan ýüz öwürdi we filmiň duşenbe güni efire beriljekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG