Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda “German bahary”


Ýekşenbe güni Aşgabatda “German bahary” atly medeni çäräniň açylyş dabarasy geçdi. Bu çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan bilelikde gurnalýar.

Ýekşenbe güni geçirilen çäreleriň arasynda “QuntettAvanti” üflenip çalynýan saz gurallary toparynyň konserti boldy.

“German baharynyň” çäginde duşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet sirkinde akrobatik we žanglýor çykyşlary bolar. Sişenbe güni bolsa,Türkmen döwlet gurjak teatrynda “Laku Paka” teatrynyň artistleri doganlar Grimleriň “Bremen sazandalary” ertekilerinden oýunlary goýarlar.
XS
SM
MD
LG