Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň DIM-i hasabat ýaýratdy


Britaniýanyň Daşary işler ministrligi “Adam hukuklary we Demokratiýa 2012” atly hasabatyny çap etdi. Hasabatda 2012-nji ýylyň dowamynda adam hukuklarynyň ýagdaýy, şeýle-de 2013-nji ýylyň başynda bu ugurdaky bolan käbir özgermeler bellenilip geçilýär.

Hasabatda beýleki döwletler bilen bir hatarda, Türkmenistandaky ýagdaýlara hem syn edilýär. Hasabatda türkmen hökümetiniň demokratiki beýanatlary bilen olaryň iş ýüzünde berjaý edilişiniň arasynda uly bir boşlugyň bardygy nygtalýar.

Şeýle-de hasabatda Türkmenistanda parahorlugyň we maglumatlaryň elýeterli bolmazlygynyň esasy meseleleriň bolup galýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG