Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: Demirgazygyň haýbatlarynyň garşysyna birleşildi


ABŞ-nyň döwlet skretary J.Kerri (ortada) Ýaponiýanyň premýer-ministri bilen duşuşykdan soň. Tokio, 15-nji aprel, 2013 ý.
ABŞ-nyň döwlet skretary J.Kerri (ortada) Ýaponiýanyň premýer-ministri bilen duşuşykdan soň. Tokio, 15-nji aprel, 2013 ý.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Birleşen Ştatlar we onuň gündogar Aziýadaky ýaranlary Demirgazyk Koreýanyň atýan haýbatlarynyň garşysyna "birleşdi" diýdi.

Kerri duşenbe güni, Aziýa saparynyň soňky duralgasynda, Tokio uniwersitetinde çykyp gürledi:

"Bir zat belli, biz birleşen. Bu meselede hiç bir gümürtiklik bolup bilmez. Demirgazygyň howply raketa programmasy diňe Demirgazyk Koreýanyň goňşularyna däl, onuň öz ilatyna-da wehim salýar."

Kerri Phenýanyň geçmişde ýadro ýaragsyzlanyşygy boýunça öz üstüne alan halkara borçlaryny ýerine ýetirmegine çagyrdy:

"Bu ýük Phenýanyň gerdeninde. Demirgazyk Koreýa özüniň bireýýäm üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirjegini görkezmek üçin manyly ädimleri ätmeli hem-de halkara kada-kanunlaryna eýermeli."

'Gepleşikler dowam etdirilmeli'

Şol bir wagtda, regionda parahatçylygy berkarar etmek üçin, Kerri Demirgazyk bilen mundan aňryk hem gepleşik geçirmäge we özara gatnaşyk etmäge çagyrdy:

"Men biziň sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek üçin hakyky ädimleri ätmekde ylalaşyp biljegimze umytly garaýaryn. Biziň partnýorlarymyzyň ählisiniň, hemmesiniň regional parahatçylygy we abadançylygy goldamakda oýnamaly roly bar. Özem bu ahyr netijede Demirgazyk Koreýany hem partnýor edinmäge synanmagy, ony bu pikir-garaýşyň bir bölegine öwürmegi öz içine alýar."
Esgerler Demirgazyk Koreýany esaslandyryjy Kim Il Saňyň (Ç) we merhum lider Kim Joň-iliň bürünç heýkelleriniň öňünden geçýärler. Phenýan, 15-nji aprel, 2013 ý.
Esgerler Demirgazyk Koreýany esaslandyryjy Kim Il Saňyň (Ç) we merhum lider Kim Joň-iliň bürünç heýkelleriniň öňünden geçýärler. Phenýan, 15-nji aprel, 2013 ý.

Emma muňa garamazdan, Günorta Koreýanyň Ýunifikasiýa (Bileleşik) ministrliginiň sözçüsi duşenbe güni Demirgazygyň golaýda Koreýa ýarym adasyndaky dartgynlyklary azaltmak maksady bilen edilen dialog tekliplerini ret edendigini habar berli. Koreýa ýarym adasyndaky dartgynlylyk Demirgazyk fewral aýynda ýadro ýaraglary boýunça üçünji synagyny geçireli bäri güýçlenýär.

Phenýan ýekşenbe güni bu teklipleriň "boş" we "mekir hile" bolandygyny aýtdy.

Demirgazyk Koreýa soňky hepdelerde, öz raketalarynyň we toplarynyň Birleşen Ştatlaryň bazalaryny nyşana alandygyny, Günorta Koreýa bilen "uruş ýagdaýynyň" dowam edýändigini aýdyp, birnäçe haýbat atdy.

Dartgynlylyk we toý dabaralary

Kerriniň Ýaponiýada eden çykyşy merhum Kim Il Saňyň, Demirgazyk Koreýa döwletini esaslandyryjynyň doglan gününiň 101 ýyllygynyň bellenýän gününe gabat geldi.

Analitikler Phenýan bu wakany orta aralyga ýetýän raketany synag etmek üçin ulanar diýen pikiri öňe sürdiler. Emma demirgazyk koreýalylar duşenbe güni başlanan üç günlük ýubileý dabaralaryna gümra bolup, sebitdäki dartgynly ýagdaýa üns bermeýän ýaly göründi.

Phenýanyň köçelerinde baýdakdyr plakat göterip barýan çagalar myg berse, täze dogan bäbekleriň ene-atlary çaga kolýaskalary bilen paraddan geçýärler.

Kimiň we onuň ogly, Demirgazyk Koreýanyň öňki lideri Kim Joň Iliň guburlarynyň ýerleşýän ýeri bolan Kumsusan köşgüne bolsa köpçülikleýin zyýarat edilýär.
XS
SM
MD
LG