Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ahmedinejat Nigere bardy


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat duşenbe güni Nigere, dünýäniň uran öndürmekde dördünji orunda durýan ýurduna geldi.

Niger Ahmedinejadyň Günbatar Afrika saparynyň ikinji gonalgasy, bu sapar Benini we nebit öndürýän Ganany hem öz içine alýar.

Eýran, dawaly ýadro programmasy zerarly girizilen sanksiýalar esasynda, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan barha kän izolýasiýa salnansoň, Ahmedinejat Afrika bilen has ýakyn ykdysady we syýasy gatnaşyklara ymtylýar.

Ol duşenbe güni irden Beninde Eýranyň ýadro programmasyny gorap, onuň parahatçylyk maksatlydygyny aýdyp çykyş etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG