Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz ministrleri emläk syryny açýar



Fransuz ministrleri ilkinji gezek öz hususy baýlyklary barada maglumat berýärler.

Bu çäre sosialist prezident Fransua Ollandyň jemgyýetçilik ynamyny dikeltmek ugrundaky tagallalarynyň bir bölegi bolup durýar.

Premýer-ministr Žan Mark Aýroltyň we onuň 37 ministriniň şahsy baýlygy baradaky maglumat duşenbe güni, ýörite döredilen internet saýtynda çap edildi.

Býujet ministri Jerom Kauzak şweýsar bankynda gizlin hasabynyň bardygyny boýun alanyndan soň, Ollandyň il içindäki goldaw derejesi aşak gaçdy.

Kauzak işden çekildi we häzir salgyt galplygy üçin derňew astynda. Sosial partiýanyň ozalky gaznaçysynyň Gaýman adalaryndaky daşary ýurt kompaniýalarynyň ikisinde maýa ýatyranlygy bilnenden soň, Olland has-da lapykeç boldy.

Duşenbe güni çap edilen jarnamalara görä, daşary işler ministri Laurent Fabius baýlaryň hatarynda durýar, onuň alty million ýewro möçberinde emlägi bar.

Olland prezidentlige saýlananda öz hususy baýlygynyň 1.7 million ýewro barabardygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG