Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FDB Boston partlamalaryny derňeýär


Federal derňew býurosy sülçileriniň duşenbe güni Boston marafonynda bolan partlamalar bilen ilteşikli birnäçe tutarygy yzarlaýandygyny aýdýar.

Bu partlamalarda üç adam ölüp, 150-den gowrak adam ýaralandy. FDB-niň bir resmisi sişenbe güni bolan habar brifiňinde sülçileriň Bostonyň dürli ýerlerinde birnäçe ugur boýunça derňew geçirýändigini, ýöne goşmaça howp-hataryň bilinmeýändigini aýtdy.

Sülçiler öwrenjeleriň düşüren wideoýazgylaryny, suratlaryny içgin öwrenip, bombalary kimiň partladanyny bilmäge kömek etjek delilleri tapmaga çalyşýarlar.

Massaçusetsiň gubernatory Dewal Patrik wakanyň bolan ýerinde partlaman galan bombanyň tapylmandygyny aýtdy.

Goranmak sekretary Çak Heýgel sişenbe güni bu partlamalary “gazaply terror akty” diýip atlandyrdy.

Prezident Barak Obama günäkärleriň tapyljagyny we jogapkärçilige çekiljegini wada berdi.

Güman edilip saklanan ýok we bu partlamalaryň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG