Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Isgender Mulikowyň çini peseldildi


Sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti we goşun serkerdebaşysy G.Berdimuhamedow ýurduň içeri işler ministri Isgender Mulikowyň polisiýanyň general-maýory adyny polisiýanyň polkownigi adyna çenli peseltmek barada permana gol çekdi.

Bu permanda Mulikowyň “öz garamagyndaky gulluklaryň işine talabalaýyk ýolbaşçylyk etmän”, “jemgyýetçilik tertip-düzgüniň gowşamagyna ýol berendigi we işinde kemçilikleri goýberendigi” aýdylýar.

Şeýle hem, prezidentiň bu baradaky permanynda içeri işler ministri Isgender Mulikowyň ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmedik halatynda, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurmaly diýlip hem bellenilýär.

Emma Mulikowyň goýberen bu kemçilikleriniň nämeden ybaratdygy barada welin anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG