Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muşarraf tussag astyna alyndy


Pakistanyň ozalky prezidenti Perwez Muşarraf anna güni suda özüni tabşyrandan soň, polisiýa edarasyna alnyp gidildi. Onuň polisiýada sorag edilip, sud prosesine çenli ýene azyndan iki gün polisiýanyň tussaghanasynda saklanjakdygy habar berilýär.

Mundan bir gün öň, penşenbe güni Yslamabadyň sudy Perwez Muşarrafyň tussag astyna alynmalydygy barada karar çykarypdy. Emma suduň zalynda Muşarrafyň janpenalary onuň tussag edilmegine ýol bermän, ony zaldan alyp çykypdylar.

Perwez Muşarrafyň aklawçylary onuň tussaglyga alynmagyna garşy şikaýat bilen Ýokary suda ýüz tutjakdyklaryny aýdýarlar.

Soňky ýyllar dört ýyl daşary ýurtlarda bosgunlykda ýaşan 69 ýaşly Perwez Muşaffar ýakynda Pakistana dolanyp barypdy. Ol 11-nji maýda geçiriljek parlament saýlawlaryna gatnaşmaklygy planlaşdyrýar.

Emma Pakistanyň kanun goraýjy organlary oňa ýurda liderlik eden ýyllarynda sudlaryň birnäçe sudýasyny, şol sanda Ýokary suduň sudýasyny-da wezipelerinden bikanun çetleşdirmekde aýyplama bildirýärler.
XS
SM
MD
LG