Şenbe güni Yslamabadyň sudy ýurduň ozalky prezidenti Perwez Muşarrafyň wagtlaýyn tussaglykda saklanmak möhletini ýene iki hepdä çenli uzaltmak barada karar çykardy. Perwez Muşarraf anna güni polisiýa tarapyndan wagtlaýyn tussag astyna alnypdy.
Pakistanyň kanun goraýjy organlary oňa ýurda liderlik eden döwründe, 2007-nji ýylda köpsanly sudýalary, şol sanda Ýokary Suduň sudýasyny-da wezipesinden bikanun çetleşdirmekde we konstitusiýany wagtlaýynça ýatyrmakda aýyplama bildirýärler.
Muşarrafyň özi bildirilýän jenaýat aýyplamalaryny “syýasy matlaba esaslanýan aýyplama” diýip häsiýetlendirýär.
Soňky ýyllar dört ýyl daşary ýurtlarda bosgunlykda ýaşan 69 ýaşly Perwez Muşaffar ýakynda Pakistana dolanyp barypdy. Ol 11-nji maýda geçiriljek parlament saýlawlaryna gatnaşmaklygy planlaşdyrýar.