Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýdaky ýer yranmada ýitgiler bar


Şenbe güni irden Hytaýyň günorta-gündogaryndaky Siçuan prowinsiýasynda ýüz beren 6.6 ball ýer yranmasynda adam ýitgileriniň bolandygy habar berilýär.

Hytaýyň “Ksinhua” habar agentligi edil häzirki wagt bu ýer yranmada azyndan 100 töweregi adamyň ölendiginiň tassyklanandygyny, ýöne ölenleriň sanynyň has-da artmagyna garaşylýandygyny habar berýär. Maglumata görä, bu ýer yranmanyň sarsgyny goňşy prowinsiýalarda-da mese-mälim duýlupdyr.

Hytaýyň döwlet mediasy häzirki wagt bu heläkçilikleriň bolan ýerlerindäki halas ediş işlerine ýardam bermek üçin 6 müň töweregi esgeriň ýollanandygyny mälim etdi.

Hytaýyň şu Siçuan prowinsiýasynda 2008-nji ýylyň maýynda ýüz beren 8 bal ýer yranmada 90 müňe golaý adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG