Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý ABŞ-ny tankytlap hasabat ýaýratdy


Ýekşenbe güni Hytaý Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ynsan hukuklary boýunça görkezijilerini tankytlaýjy hasabat ýaýratdy.

Munuň özi Hytaýyň häkimiýetleriniň ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň anna güni dünýä ýurtlaryndaky ynsan hukuklarynyň ýagdaýy barada ýaýradan hasabatyna bildiren reaksiýasy hökmünde alamatlandy.

Hytaý özüniň taýýarlan göwrümli hasabatynda Birleşen Ştatlary öz amerikan raýatlaryny içalyçylykly ýollar arkaly yzarlamakda, aýal-gyzlaryň we etniki azlyklaryň hukuklaryny kemsitmekde, raýatlaryň ýarag ulanyp amala aşyrýan jenaýatçylyklaryna talabalaýyk kontrollyk etmezlikde tankytlapdyr.

Mundan daşary, Hytaýyň ýaýradan hasabatynda Birleşen Ştatlaryň Owganystan, Pakistan we Ýemen ýaly ýurtlarda geçirýän harby operasiýalary arkaly bu ýurtlaryň raýatlarynyň hukuklaryny-da gödek ýagdaýda bozýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG