Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kawkazdaky topar Boston wakasyna seslendi


Özüni “Kawkaz emirligi” diýip atlandyrýan we Orsýetiň Kawkaz regionynda hereket edýän ekstremistik topar özüniň Bostondaky partlamalara dahylly däldigini aýdyp, ýekşenbe güni internet arkaly beýanat ýaýratdy.

“Kavkazcenter.com” internet saýty arkaly ýaýradan beýanatynda bu ekstremistik topar özüniň Birleşen Ştatlar we hatda Orsýet bilen-de göreş alyp barmaýandygyny nygtapdyr. Bu beýanatda “Kawkaz emirligi” hereketiniň lideri Doku Umarowyň parahat ilata garşy hüjümleri gadagan edendigi aýdylýar.

Bu wakalaryň fonunda ýekşenbe güni Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Bostondaky partlamalarda aýyplanýan doganlar Sarnaýewleriň ejesi Zubeýdat Sarnaýewa öz ogullarynyň günäsizdigini aýdyp, bu bolan wakany ABŞ-nyň häkimiýetleriniň “gurnan işi” diýip atlandyrdy.

Şu geçen hepde Bostondaky partlamalarda aýyplanýan çeçen milletinden bolan doganlardan ulusy Tamerlan Sarnaýew polisiýa bilen atyşyklarda atylyp öldürildi, doganlardan kiçisi 19 ýaşly Johar Sarnaýew bolsa ýaralanan halda ele salyndy.
XS
SM
MD
LG