Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystan: Iki ministr hökümetden çykdy


Gyrgyzystanda iki ministr, näbelli sebäplere görä, wezipelerinden aýryldy.

Duşenbe güni Gyrgyzystanyň prezidentiniň edarasy energetika ministri Awtandil Kalmambetowyň we jemgyýetçilik ösüş ministri Kylyçbek Sultanowyň wezipelerinden gidendigini mälim etdi.

Beýanatda Kalmambetowyň başga wezipä geçirilendigi aýdylsa-da, onuň täze ýeri barada maglumat berilmeýär. Şeýle-de beýanatda Sultanowyň wezipeden gidendigi nygtalyp, onuň anyk sebäpleri görkezilmeýär.

Mundan birnäçe gün öň, Sultanow hökümet maslahatlarynyň birinde premýer-ministriň orunbasary Kamila Taliýewany ýiti tankytlapdy.

Gyrgyzystanyň häzirki hökümeti “Ar-Namys”, “Ata-Meken” we Sosial Demokrat partiýalarynyň koalisiýasyndan durýar.

Gyrgyzystanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, prezidentiň hökümet agzalaryny wezipelerinden boşatmaga ygtyýarlygy bar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG