Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bombaçy diýilýänler radikallaşmadyk diýilýär


Boston jemgyýetiniň Yslam merkeziniň işgäri Boston marafonynynda bomba ýaran hasaplanýan Tamerlan we Johar Sarnaýewleriň radikallaşma alamatyny görkezýän zadyň ýokdugyny aýdýar.

Bostonyň Yslam jemgyýetine ýolbaşçylyk edýän Nikol Mossalam duşenbe güni ýaşulularyň we ştatdaky işgärleriň jemgyýet agzalaryny bu iki erkek barada bilýän zatlaryny häkimiýetlere ýetirmäge çagyrandygyny aýtdy.

Ol bu iki erkegiň hiç biriniň ýerli musulman jemgyýetinde gowy tanalmandygyny, doganlaryň kiçisi Joharyň bolsa, metjide namaz okamak üçin diňe bir gezek gelendigini aýtdy.

Metbugat habarlarynda Tamerlanyň soňky alty aýda iki gezek, närzalygyny aýtmak üçin, namazyň arasyny bölendigi aýdyldy.

Mossalam bu diýilýänlere göni jogap bermedi, emma Bostonyň Yslam jemgyýetiniň basym şeýle jogaplary berjegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG