Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýdymçy Riçi Hewens aradan çykdy


Halk sazandasy we Wudstok weterany Riçi Hewens 72 ýaşynda ýürek keselinden aradan çykdy.

Belli gitaraçy hem aýdymçy ilkinji dünýä meşhurlygyny 1969-njy ýylda Nýu-Ýorkda açylan Wudstok festiwalynyň başynda aýdan “Azatlyk”, “Ýokardan uçýan guş”, “Men mundan artyk çydamok” diýen aýdymlary bilen gazandy.

Ol şonda Wudstok festiwalyna ýygnanan mähelläni üç sagatlap jadylanan ýaly edipdi.

Meşhur aýdymçy 30 sany albom çykardy. Onuň soňky, 2008-nji ýylda çykarylan albomy “Täç geýdirmäge hiç kim galmady” diýlip atlandyrylypdy.

Nýu-Ýorkuň Bruklin etrabynda doglan Hewens dokuz çaganyň iň ulusydy.
XS
SM
MD
LG