Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Almaty: Täze gazet konfiskasiýa edildi


Çarşenbe güni Gazagystanyň häkimiýetleri Almaty şäherinde täze çap edilip başlanan “Prawdiwaýa gazeta” atly täze gazetiň ilkinji neşirini konfiskasiýa etdiler.

Bu gazet esasan ýurduň syýasy oppozisiýasynyň işleri bilen bagly materiallary çap etmegi göz öňünde tutýardy.

“Prawdiwaýa gazeta” atly gazetiň žurnalisti Madiýa Torebaýewa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda häkimiýetleriň bu çäräniň sebäbini gazetiň registrasiýa dokumentinde onuň haýsy günler çapdan çykjakdygy barada anyk maglumatyň berilmändigi bilen düşündirendiklerini aýtdy.

Gazetiň indiki sanyny geljek aý çap etmekliklik göz öňünde tutulýar. Geçen ýylyň dekabrynda Gazagystanyň häkimiýetleri “ekstremistik mazmunly” diýen esasda oppozision we garaşsyz gazetleriň onlarçasynyň çap edilmegini gadagan edipdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG