Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakyýewiň meselesi maslahat edilýär


Penşenbe güni ozalky gyrgyz prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň ekstradisiýa meselesini maslahatlaşmak üçin Gyrgyzystanyň ýörite delegasiýasy Belarusa bardy. Bu delegasiýanyň düzümine Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasynyň we Içeri işler ministrliginiň birnäçe resmisi girýär.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Jorobaý Abdraýimow Kurmanbek Bakyýew bilen baglanyşygy bolan 50 töweregi adamyň, şol sanda onuň inisi Janyş Bakyýewiň-de häzirki wagt Belarusda gizlenýändiklerini aýtdy.

Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýew 2010-njy ýylyň aprelinde ýüz beren köpçulikleýin demonstrasiýalaryň netijesinde Gyrgyzystany terk edipdi.

Şu ýylyň fewralynda Bişkegiň sudy 2009-njy ýyldaky syýasy kast edişliklere dahyllykda günäli tapyp, ony gaýybana ýagdaýda 24 ýyl türme tussaglygyna hökum edipdi. Bakyýewe 2010-njy ýylyň aprelinde parahat protestçileriň öldürilmegi bilen baglanyşykly wakalar boýunça-da jenaýat aýyplamasy bildirilýär.
XS
SM
MD
LG