Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çernobyl heläkçiligi ýatlanylýar


Anna güni Ukrainada Çernobyl atom heläkçiliginiň ýüze çykmagynyň 27 ýyllygy bellenilip geçilýär. Bu waka bilen baglanyşykly anna güni ýurduň dürli şäherlerinde hatyra we doga okaýyşlyk çäreleri geçirilýär.

1986-njy ýylyň 26-njy aprelinde Ukrainanyň Çernobyl atom stansiýasynyň dördünji reaktorynda ýüze çykan partlama häzirki döwrüň iň bir howply atom heläkçiligi hökmünde alamatlanypdy.

Şonda howa göterilen radioaktiw elementleriň möçberi 1945-nji ýylda Ýaponiýanyň Hirosima şäherinde partlanan atom bombasynyň ýaýradan radioaktiw elementleriniň möçberinden-de 500 esse köp bolupdy diýlip hasaplanylýar.

Bu partlamanyň töwereklerindäki ýaşaýjylardan we ondaky halas ediş işlerine gatnaşan adamlardan näçesiniň bu tragediýanyň pidasy bolandygy barada henize çenli anyk statistiki maglumatlar ýok.
XS
SM
MD
LG