Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muşarrafyň tussaglygy uzaldyldy


Anna güni Pakistanyň sudy ýurduň ozalky prezidenti Perwez Muşarrafyň ýene dört gün oý tussaglygynda saklanmalydygy barada karar çykardy. Perwez Muşarraf suduň karary bilen geçen hepde tussag astyna alnypdy.

Prokuratura resmileri Muşarrafyň sorag edilmegi üçin Rawalpindi şäheriniň sudunyň prokuratura işgärlerine ýene dört gün möhlet berendigini aýdýarlar.

Edil häzirki sorag edişlikler 2007-nji ýylda Pakistanyň ozalky premýer-ministri Benazir Bhuttonyň janyna kast etmek hüjümine ýol berlendigi bilen baglanyşykly geçirilýär.

Bu wakada Perwez Muşarrafa Benazir Bhuttonyň howpsuzlygyny goramakda geleňsizlige ýol berendigi bilen baglanyşykly aýyplama bildirilýär.

Mundan daşary, ol şol ýyl ýurduň köpsanly sudýalaryny bikanun wezipelerinden çetleşdirmekde-de aýyplanylýar. Perweş Muşarraf daşary ýurtlarda dört ýyl bosgunlykda ýaşandan soň, ýakynda parlament saýlawlaryna gatnaşmak üçin Pakistana dolanyp barypdy.
XS
SM
MD
LG