Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatyda regional maslahat geçirilýär


Anna güni Gazagystanyň Almaty şäherinde Owganystan we regional meselelere bagyşlanyp, ýörite halkara konferensiýasy açyldy.

“Ystambul prosesi” diýlip atlandyrylýan topara agza ýurtlaryň ministrleriniň geçirýän bu maslahatynda alty sany möhüm ugur boýunça maslahat ediljekdigi habar berilýär.

2011-nji ýylda Ystambulda “Regional howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk hem-de durnukly Owganystan” ady bilen geçirilen halkara konferensiýasynda “Ystambul prosesi” ady bilen ýörite deklarasiýa gol çekilipdi.

Ol deklarasiýa Owganystan, Hytaý, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Orsýet, Saud Arabystany, Türkiýe, Täjigistan we Türkmenistan gol çekipdi.
XS
SM
MD
LG